Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň hem-de metrologiýa ölçeg serişdelerini barlaýan ylmy barlaghanasy

1. Şorlaşan ýerleri gaýtadan dikeltmegiň tehnologiýasy

Ýurdumyzyň derýalarynyň 16 sany howdanlarynyň we “Altyn asyr” Türkmen kölüniň şor suw akabalarynyň ugrunda ýerleşen 12 sany kölleriniň suwuny “Geliobarža” desgalaryna ýygnap, goşmaça “saprofit” bakteriýaly “biogoşundy” ergini bilen iýmitlendirip, Gün şöhlesiniň täsiri astynda fotosintez hadysasyny işjeňleşdirip bir öýjükli suwotylary ösdürilip ýetişdirilýär. Soňra “Geliobioplato” desgasynda bir öýjükli suwotylaryň düzümine tebigy gips külkesini goşup, gaýtadan işlenilip täze “Ekodökün” taýýarlanyldy. Taýýarlanan “Ekodöküni” şorlaşan ýerleriň ýuwuş suwuny geçirmäge taýýarlyk görülýän döwründe topragyň (ýeňil şorlaşan topraga - 2 tonna, orta şorlaşan topraga - 6 tonna, agyr şorlaşan topraga - 10 tonna) düzümine goşulýar.

Netijede, “Ekodökün” goşup, topragy iýmitlendirmek üçin berilýän mineral we organiki dökünleri topragyň hasylly böleginde saklamagyň we ýerasty suwlardan göterilýän duzlary azaltgyň tehnologiýasy işlenip düzüldi. Gurnamanyň önümçilikdäki çykdajylarynyň özüni ödeýiş möhleti T= 6 ýyl.

Ýurdumyzyň mikroelementlere baý termomineral suwlarynyň düzümine “saprofit” bakteriýaly “biogoşundy” erginini goşup bir öýjükli suwotylary ösdürilip, onuň “ekstrakty” alyndy. Alnan “ekstraktyň” düzümine sönen hekiň külkesiniň kesgitlenen möçberini goşluşdyryp ondan “emulsiýa” taýarlanyldy. Taýýarlanan mikroelementlere, kalsiý, suwotyly gyrmançalara baý “emulsiýany” oba hojalyk ekinlerini baldagyndan iýmitlendirmegiň tehnologiýasy işlenip düzüldi.

Garalýan meseläniň ýurdumyzyň hemme künjekleri babatynda ýokary ähmiýetlidigini, esasan hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanyp energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýany işläp düzmek meselelerini çözmäge gönükdirilen desgada ösdürilip ýetişdirlen “kalsi suwotyly emulsiýa” bilen oba hojalyk ekinlerini baldagyndan iýmitlendirmäge gönükdirilen taslamalar taýýarlananda peýdalanylyp bilner. Gurnamanyň önümçilikdäki çykdajylarynyň özüni ödeýiş möhleti T= 4 ýyl.

3. Daýhan hojalyklarynda ýetişdirilýän gök önümleri guratmagyň tehnologiýasy

Ýurdumyzyň daýhan hojaklyklarynyň ýetişdirýän gök, bakja önümlerini, üzümi, miweleri we ir-iýmişleri toplumlaýyn gaýtadan işläp, olardan taýýar gawun kaky, kişmiş, guradylan dermanlyk otlary we beýleki önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berýän gyş-ýaz aýlarynda ýyladyşhana, tomus-güz aýlarynda oba hojalyk önümlerini guradýan “Gelioguradyjy-ýyladyşhana” desgasy işlenip düzüldi.

Garalýan meseläniň ýurdumyzyň hemme künjekleri babatynda ýokary ähmiýetlidigini, esasan hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanyp energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýany işläp düzmek meselelerini çözmäge gönükdirilen, ýylyň ähli möwsümlerinde üznüksiz önümçiligi guramaga mümkinçilik berýän “Gelioguradyjy-ýyladyşhana” desgada taýýarlanan gawun kaky, kişmiş, guradylan dermanlyk otlary we beýleki önümleri taýýarlamaga gönükdirilen taslamalar taýýarlananda peýdalanylyp bilner. Gurnamanyň önümçilikdäki çykdajylarynyň özüni ödeýiş möhleti T= 1,6 ýyl.

4. Ýerli çig mallardan ak syrça örtülen keramika örtgini we energiýatygşytlaýjy kerpiji almagyň tehnologiýasy

Ýaşaýyş jaýlaryň diwarlarynyň ýylylyk ýitgisini hem-de daşky gurşawda döreýän ýaramaz tehnik sesi azaltmak maksady bilen ýerli çig mallardan we materiallardan taýýarlanan adaty toýuna gerekli goşundylary goşmak bilen täze gurluşyk önümi bolan öýjükli kerpiç örtgüsi alyndy. Bu öýjükli kerpiç ýaşaýyş jaýynda ýylyň ähli pasyllarynda energiýany tygşytlamaga we daşky gurşawyň seslerini izolirlemäge üznüksiz mümkinçilik berer.

Şeýle hem ak syrça örtülen keramika örtgüsi alyndy. Syrçanyň düzümi adaty, ekologiýa taýdan arassa komponentlerden ybarat bolup durýar. Syrçanyň düzüminiň aglaba bölegi galyndy bolup durýan çüýşeden ybaratdyr. Galyndy çüýşe owradylyp toz görnüşine getirilýär we beýleki kömekçi komponentler (kaolin, silikat ýelimi, gurşun oksidi, suw) bilen bilelikde goşup, garyp syrça ýasalýar. Syrçanyň ýasalyşynda howanyň temperaturasy, howanyň çyglylygy ýaly daşky faktorlary göz öňünde tutmak wajypdyr. Gurnamanyň önümçilikdäki çykdajylarynyň özüni ödeýiş möhleti T= 6,2 ýyl.

  • Barlamak we abatlaýyş işlerini (ýagsyzlandyrmak) ýerine ýetirmek: basyşyň elektron datçikleri, manometrler, manowakuummetr, wakuummetr, difmanometr;
  • Temperatura ölçeýjileri we elektron datçikleri barlamak: -30-an 1800 °C çenli temperaturaly;
  • Basyş datçiklerini barlamak we kalibrowka etmek: howada (gazda), suwuklykda (suwda) işleýän;
  • Barlamak we kalibrowka etmek: termopar, garşylyk termometrleri, aýna we manometriki termometrler, çümdürilýän tipli termorele.
  • Elektriki, radioelektriki üýtgediji we ölçeýji enjamlary barlamak we kalibrowka etmek: woltmetr, ampermetr, signallaryň generatory, ossiloskop, üýtgedijiler, toguň we garşylygyň naprýaženiýesiniň sanly ölçeýjileri we ş.m.;
  • Barlag geçirmek: suwuklygyň analizatorlaryny;
  • Tehnologik auditini geçirmek: senagat önümçilik enjamlaryna;
  • Deffektoskopiýa işlerini geçirmek: senagat önümçilik enjamlaryna (ýerinde).