Geografiki maglumat ulgamlary barlaghanasy

GMU tehnologiýasy ýönekeý maglumat binýady bolman, ol seljermek, meýileşdirmek we maglumatlary wagtly wagtynda täzelemek üçin örän uly mümkinçilige eýedir. GMU tehnologiýasy şu günki günde hemme ugurlarda ulanylýar diýip aýdyp bolar, bu bolsa dürli meseleleri netijeli çözmäge ýardam berýär.

GMU barlaghanasynyň alyp barýan işleri:

  1. Interaktiw kartalary döretmek;
  2. GMU-tehnologiýalarynyň kömegi bilen awtonawigasion kartany taýýarlamagyň amatly usulyýeti işläp düzmek.
  3. “Altyn asyr" Türkmen kölüniň we Hazarýaka sebitleriniň tebigy obýektleriniň (ösümlikler we toprak) ýagdaýynyň köpderejeli monitoringini amala aşyrmagyň usulyýetini döretmek.
  4. Türkmenistanyň suwarymly ýerleriniň (topragyň esasy görnüşleri boýunça) ýagdaýynyň köpderejeli monitoringini amala aşyrmagyň usulyýetini döretmek”

INTERAKTIW KARTALARY DÖRETMEK Interaktiw karta öz içine Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýolunyň ugrynda ýerleşýän arheologiki ýadigärlikleri alýar. Ol Open-Layers Internet kartalaşdyrmasy üçin oňaýly bolan JavaScript kitaphanasyndan peýdalanylyp döredildi. Karta öz içine ar-heologik ýadigärlikleriň gatlagyny, Türkmenistanyň şäherleriniň (paýtagt, welaýat merkezleri, etrap merkezleri), suw desgalarynyň (köller we derýalar), awtoulag ýollarynyň, demir ýollaryň, Beýik ýüpek ýolunyň ugryny we Türkmenistanyň welaýatlarynyň araçägini alýar. Kartany islendik häzirki zaman Internet brauzeri bilen açyp bolýar we onda gyzyklandyrýan ýadygärlik hakynda umumy beýan edilen maglumaty oňaýly görnüşde görmek bolýar.

GMU-TEHNOLOGIÝALARYNYŇ KÖMEGI BILEN AWTONAWIGASION KARTANY TAÝÝARLAMAGYŇ AMATLY USULYÝETI IŞLÄP DÜZMEK Işlenilip düzülen usulyýet ilkinji maglumatlary ýygnamak we gaýtadan işlemek, wideo görnüşindäki maglumatlar arkaly kartanyň düzüminiň täzelenip durulmagyny üpjün etmek boýunça amallaryň yzygiderliligini öz içine alýar. Taýýarlanylan usulyýeti ulanyp, Türkmenbaşy şäheriniň we Awaza syýahatçylyk zolagynyň awtonawigasion kartasy işlenilip düzüldi. Awtonawigasion karta “Garmin” awtonawigasion ulgamyna we ykjam enjamlar bolan smartfona we planşete üstünlikli ornaşdyryldy.

ALTYN ASYR" TÜRKMEN KÖLÜNIŇ WE HAZARÝAKA SEBITLERINIŇ TEBIGY OBÝEKTLERINIŇ (ÖSÜMLIKLER WE TOPRAK) ÝAGDAÝYNYŇ KÖPDEREJELI MONITORINGINI AMALA AŞYRMAGYŇ USULYÝETINI DÖRETMEK Wegetasion indeksi, uzak aradan zondirleme arkaly alnan maglumatlaryň dürli spektral kanallary bilen geçirilen işleriň netijesinde hasaplanan we şekiliň belli bir pikselinde ösümlikleriň görkezijileri bilen baglanyşyklybolan, görkeziji. Bu görkezijileri ulanmagyň esasy usullaryndan biri, şol bir obýekti belli bir wagtyň dowamynda birnäçe şekilde deňeşdirmekdir. Şeýle derňewi Türkmenistanyň çäginde geçirmek üçin Hazaryň pesliginde synag meýdançasyny döretmek kararyna gelindi. Onuň çäginde öri meýdan ösümlikleriniň spektral aýratynlyklary ýygnaldy, olaryň arasynda iň köp ýaýran üç wekil - boýalyç, ýowşan, Kermek, ösümlik öwrenmek we ýagdaýy baha bermek üçin wegetasion indeksleri hasaplanyldy.