Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasy ýurdumyzyň ýerli çig mallaryndan, dermanlyk ösümliklerden ýurdumyzyň ykdysadyýetine, hususan-da, dermançylyk ulgamynda bähbitli boljak dermanlyk maddalary bölüp almak boýunça ylmy-barlag işeri alyp barýar.
Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasy 2020-nji ýylyň maý aýynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan attestatlaşdyryldy.
Barlaghananyň maksady: Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan ýerli çig mallardan, ösümliklerden, minerallardan innowasion tehnologiýalaryň esasynda derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmekden we olar bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary geçirmekden ybaratdyr.
Barlaghananyň öňünde durýan wezipeler:
Barlaghananada geçirilýän ylmy-barlaglar:
Barlaghanada häzirki wagta çenli ýerli dermanlyk ösümliklerden biologiki işjeň maddalary tygşytly, ekologiýa zyýansyz usullardan peýdalanyp bölüp almaklyga ýykgyn edilýär. Bu ugry ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň hünärmenleri 2015-nji ýylyň 08-nji noýabry– 2016-njy ýylyň 06-njy fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherindäki Sungýunkwan uniwersitetinde okuw-kämilleşdiriş saparynda boldular. Dermanlyk ösümliklerden bähbitli biologiki işjeň maddalary bölüp almak boýunça bilimlerini kämilleşdirmek okuw saparynyň esasy maksady boldy.
Kämilleşdiriş okuwy Sungýunkwan uniwersitetiniň farmasiýa mekdebiniň barlaghanasynda, hususan-da, Tebigy önümleriň barlagy (Natural product research) barlaghanasynda, professor Ki Hyun Kim-iň ýolbaşçylygynda geçdi. Okuwyň dowamynda barlaghanada dermanlyk ösümlikleriň himiki düzümini öwrenmekligiň ähli etaplary boýunça amaly sapaklar geçildi we türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň himiki düzümi barlanyp, olaryň düzümindäki komponentleri az mukdarda arassa görnüşde bölünip alyndy, olary koreý alymlary bilen bilelikde ýadro-magnit rezonans (NMR) spektroskopiýa enjamynda gurluş analizini geçirmeklik bilen 8 sany biologiki işjeň maddanyň tebigatyny anyklamak başartdy.
Barlaghana 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hojalyk hasaplaşygyna geçirildi. Şertnamalaýyn esasda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirýär. Mysal üçin, TSG we DS ministrliginiň sargydy boýunça “Ýandagyň gury ekstraktynyň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaşdyryjy resminamalaryny taýýarlamak” atly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ylmy-barlag işiiň dowamynda ýakymly ysly (ary balynyň ysyny ýatladýan), dürli reňkli ýandagyň gury ekstrakty alyndy. Häzirki wagtda ony standartlaşdyrmak boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar.