Biotehnologiýa - bu genetik meýilnamalary düzmek we onuň esasynda mikroorganizmleriň, ösümlikleriň, haýwanlaryň täze görnüşlerini döretmek bilen meşgullanýan biologiýa ylmynyň bölümidir. Başgaça aýdanymyzda, biotehnologiýa öýjük we genetik inženeriýanyň gazananlaryna esaslanyp, adam üçin peýdaly, täze ösümlik sortlarynyň, haýwan tohumlarynyň we mikroorganizmleriň ştamlarynyň döredilmegi baradaky ylymdyr .
Ýurdumyzda azyk bolçylygyny döretmek, azyk önümleriniň genetik düzümini anyklamak, oba hojalyk ekinleriniň täze isleg bildirilýän alamatlaryny özünde jemleýän, hasylly sortlaryny ösdürip ýetişdirmek we olaryň fitopatalogik meseleleri çözmekde ekologik taýdan arassa biopreparatlary döretmek esasy meseleler bolup durýar. Şu meseleleri çözmek we oňyn netijeler gazanmak maksady bilen Tehnologiýalar merkeziniň düzüminde Biotehnologiýalar barlaghanasy döredildi. Barlaghananyň düzüminde bölüm müdiri, iki sany uly ylmy işgärler, üç sany ylmy işgärler, iki sany kiçi ylmy işgärler we laborantlar zähmet çekýär. Barlaghanada zähmet çekýänleriň köp bölegi ýaşlar bolup durýar. Olaryň ikisi Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň bilelikde her ýyl geçirýän Ýaş alymlar bäşleşiginiň ýeňijileri bolup durýarlar.
Biotehnologiýalar barlaghanasynda ylmyň biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, molekulýar-genetika, mikologiýa, mikrobiologiýa we agrotehnika ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alnyp barylýar.
Biotehnologiýalar barlaghanasynda häzirki wagta çenli “Derman ösümliklerini biotehnologiýanyň “in vitro” usuly boýunça ösdürmek we onuň immunomodulirleýji häsiýetlerini öwrenmek” (2015-2016ýý), “Biotehnologiýanyň usullary arkaly dermanlyk ösümlikleri köpeltmek we olaryň fiziologik barlaglaryny geçirmek” (2017-2019ýý), “Şorlaşan suwarymly ekin ýerleriň duzuny aýyrmagyň we gowaçany takyk ekişe taýýarlamagyň biologiki usullaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak” (2017-2019ýý), “Oba hojalyk ekinleriň (gowaçanyň we bugdaýyň mysalynda) DNK barlaglaryny geçirmek”(2018-2020 ýý), “Biotehnologiýanyň usullary arkaly dermanlyk ösümlikleri köpeltmek we olaryň mikrobiologik barlaglaryny geçirmek” (2019-2020ýý.) ýaly ylmy işler üstünlikli ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda barlaghanada “Dermanlyk ösümlikleri, iýilýän kömelekleri ösdürmekde we pürli agaçlaryň kömelek kesellerine garşy göreşmekde biotehnologiýanyň usullaryny ulanmak” diýen tema boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ylmy işiň maksady iýilýän kömelekleri, oba hojalyk ekinlerine zyýan berýän toprak mikromisetlerini anyklamak we olara garşy ekologik taýdan zyýansyz biopreparatlary taýýarlamakdan ybaratdyr.
Biotehnologiýa barlaghanasynyň alnyp barylýan ylmy-barlaglar:
Barlaghananyň tejribeli ylmy işgärleri buýurmalar esasynda hem ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar:
Biotehnologiýalar barlaghanasynda alnyp barylýan molekulýar-genetik, mikologik, fitopatologik, mikrobiologik barlaglar ýurdumyzyň oba hojalygynyň, lukmançylygynyň, derman senagatynyň we beýleki pudaklarymyzyň meselelerini çözmekde oňyn netijeleri berer.