Bölümler

Elektron Kitaphana

Tehnologiýalar merkeziniň elektron kitaphanasy daşary ýurt kitaphanalara internet ulgamynyň üsti bilen birleşdirilendir, bu bolsa şol kitaphanalaryň elektron kitap gorlaryny ulanmaga mümkinçilik döredýär. Bu kitaphanada kitaplary elektron görnüşe geçirmäge niýetlenen robot skaner hem bardyr.

Çaphana

Çaphana Germaniýanyň Heidelberg kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan we kompýuterleşdirilen häzirki zaman çaphana enjamlary we bäş reňkli ofset kagyz printeri, gysyjy, kesiji we tikiji enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýokary hilli çaphana işlerini ýerine ýetirýär: kitaplar, žurnallar, bukletler, wizitkalar, otkrytkalar, senenamalar, jiltlemek işleri, ýankitaplar, laminirlemek, folgirlemek, perforirlemek.

Telekeçiligi ösdürmek merkezi

Tehnologiýalar merkeziniň düzümindäki edara görnüşli tarap hukugy berilmedik merkez bolup, ýurdumyzda innowasiýalary ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalary we meýilnamalary boýunça ýerine ýetirilýän işlere gatnaşmak, ylym we ýokary bilim edaralary bilen bilelikde telekeçiligi ösdürmäge täsir etmek, ylmy-tehnologik telekeçilik meseleleri boýunça barlaghanalaryň we bölümleriň işgärleri bilen birlikde işleri amala aşyrmak, ýaşlary tehnologik telekeçilige köpçülikleýin çekmek, startaplary döretmek üçin ýaşlara grant bölüp bermek boýunça işleri guramak,startaplara maýa goýumlary çekmek, telekeçiligi ösdürmek boýunça okuwlary guramak, startap taslamalaryny döretmek işlerini alyp barýar.

Tehnologiýalaryň transfer merkezi

2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň düzüm bölümi hökmünde Tehnologiýalaryň transfer merkezi (TTM) döredildi. Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň işiniň esasy maksady ylmy-barlag taslamalary, tejribe-tehnologik we tejribe-gurluş (konstruktorlyk) işleriniň netijelerini täjirçilik esasyna geçirmek ýoly bilen innowasiýa we maýa goýum taslamalaryny öňe sürmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Goýlan maksada laýyklykda, TTM-niň esasy wezipeleri şulardan durýar:

  • TTM-niň işiniň çäginde maslahat (konsalting) hyzmatlaryny bermek;
  • bilermenler tarapyndan (ekspert) bahalandyrmak işlerini amala aşyrmak we gelejegi bar (perspektiw) taslamalaryň, ylmy taýýarlamalaryň we intellektual işleriň netijelerini täjirleşdirmek boýunça teklipleri bermek;
  • başlangyç marketing gözleglerini geçirmek, innowasialy pikirler (ideýalar) we tehnologiýalar barada maglumatlary ýygnamak we seljermek;
  • intellektual eýeçilik hukuklarynyň goralmagyna ýardam bermek;
  • ylmy-gözleg we tejribe-gurluş (konstruktorlyk) işleriniň netijelerine müşderleri çekmek;
  • ylmy taslamalary we pikirleri täjirleşdirmek üçin maliýe çeşmelerini çekmek;
  • Tehnologiýalar Merkeziniň kömegi bilen başlangyç kärhanalaryny, işewürlik inkubatorlaryny döretmek we ösdürmek.

Öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin TTM öz işini aşakda görkezilen ugurlar boýunça alyp barýar:

  • ylmy taslamalaryň, işleriň, ideýalaryň täjirçilik mümkinçiliklerine baha bermek üçin seljeriş (ekspertiza) geçirmek;
  • intellektual eýeçilige bolan hukuklary goramak, intellektual eýeçiligi geçirmek we ulanmak boýunça işleri ýerine ýetirmek, şol sanda patent bermek, arzalary hasaba almak we tabşyrmak;
  • maslahat-usulyýet goldawy amala aşyrmak (ykdysady, maliýe, hukuk ugurlary boýunça, kada ülňülerini, tehniki-ykdysady esaslandyryşy, iş meýilnamalaryny we ş.m işläp düzmek);
  • innowasiýa taslamalaryny we işläp taýýarlamalary taýýarlamak we goldamak baradaky işleri alyp barmak;
  • innowasiýa taslamalaryna, şol sanda tehnologiýalaryň transferi boýunça taslamalaryna hem maliýe serişdelerini çekmek;
  • işläp taýýarlamalary ýaryşlara, grant almak boýunça bäsleşiklerde, sergilerde we iş gepleşiklerde hödürllemek baradaky işleri geçirmek;
  • ylym, işewir we beýleki gyzyklanýan taraplaryň wekilleri üçin bilelikdäki çäreleri guramak (seminarlar, maslahatlar, iş ulgamlary, tegelek stollar we ş.m.);
  • innowasia pikirleriň (idealaryň) bäsleşiklerini we gelejegi bar tehnologiýalary saýlap almak üçin işleri guramak;
  • innowasia tehnologiýalaryna esaslanýan başlangyç we işewür inkubatorlary döretmek;
  • halkara guramalar we daşary ýurt ylmy-tehniki, dizaýn, innowasiýa we senagat başlangyç we işewür inkubatorlary döretmek;
  • halkara guramalar we daşary ýurt ylmy-tehniki, taslama-gurluş, innowasiýa we senagat kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek üçin hyzmatlar;
  • ýerli we daşary ýurt maýa goýumlaryny, maýadarlary, işewir hyzmatdaşlary çekmek üçin maslahat hyzmatlary;
  • ylmy we tehniki ösüşleri täjirleşdirmek we tehnologiýalaryň transferi boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyrmak;
  • mahabat çärelerini geçirmek, mahabat we maglumat önümlerini taýýarlamak, döredilen harytlary, tehnologiýalary, hyzmatlary, guramaçylyk we tehniki çözgütleri mahabatlandyrmak üçin hyzmatlar;
  • innowasiýa tehnologiýalarynyň we kärhanalarynyň tehnologiki barlagy (auyditi).

Taslama-konstruktorçylyk we tejribe desgalarynyň gurnaýyş, abatlaýyş bölümi

Ussahana kiçi göwrümli önümçilik desgalary we önüm nusgalaryny taýýarlamak üçin niýetlenendir. Bu ýerde ultrases, lazer, argon bilen kebşirleýji hem-de kesiji enjamlar, awtomatlaşdyrylan programma üpjünçiligi bilen dolandyrylýan häzirki zaman ýonujy, deşiji, burawlaýjy, ýylmaýjy abzallar, wodorod we kislorod generatorlary, gidrawliki press-gaýçylar bar.

  • Dürli görnüşli işleri ýerine ýetirmek: ýokary takykly tokar işleri, burawlap deşmek işi;
  • Dürli görnüşli ýylmamak (şlifowka) işleri ýerine ýetirmek: abraziw büdür-südürligi ýok etmek, deňsizligi ýok etmek;
  • Metal bölekleri berkitmek işlerini ýerine ýetirmek: gurluşykdaky, önümçilikdäki;
  • Işläp taýýarlamak: stollary, üç aýaklary, dykyz diregleri, germeçleri we oklary, pil sapylary;
  • Çäge çüwdürimi (peskostruý) bilen işleri ýerine ýetirmek: dürli materiallaryň üstleri;
  • Çalyp, ýiteltmek işlerini ýerine ýetirmek: swerlo, frez, tokar kesijileri, ştiheller we başg. gurallar;
  • Buraw we frezerleme işleri: metalda, plastmasda;
  • Turbalary 3 rulonly epme işleri: turbalar, profiller, armaturalar;
  • Kebşirleýiş (swarka) işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek: lazerli, ultrasesli, termoplastik turbalary, argon apparatly;
  • Metal listlerde dürli işleri ýerine ýetirmek: egreltmek, eplemek, kesmek;
  • Çalmak-ýylmamak işlerini ýerine ýetirmek: metal, metal däl, materiallarda;
  • Disk byçgysy bilen ýerine ýetirilýän işler: sowuk metalda, plastmas materiallarda we başg.;
  • Gidrawliki pres bilen işleri ýerine ýetirmek: metally preslemek;
  • Gidrawlik gilýotin gaýçysy bilen dürli işleri ýerine ýetirmek: ýokary takykly kesmek işleri;
  • Plazma enjamynda oksi-ýangyç kesmek işlerini ýerine ýetirmek: gaz plazma kesiji;
  • Aýnadan dürli önümleri ýasamak boýunça işleri ýerine ýetirýär: dürli şekilde;
  • Aýnanyň ýüzünde dürli işleri ýerine ýetirmek: ýylmamak, gyzgyn kesmek, dürli ýazgylary döretmek, suratlar we ş.m.;
  • Dürli üstleriň üstüni örtmek boýunça işleri ýerine ýetirmek: sink bilen, nikel bilen, hrom bilen, mis bilen;
  • Suwuk azot öndürmek: suwuk azodyň alynmagy.