Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini emele getirýän innowasion binýatlaryň esasy düzüjileriniň biridir.
Bu merkez adam kapitalyny we “bilimleriň ykdysadyýetini” ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologik howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berip, ylmy çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary we olary önümçilige ornaşdyrmagy bir bitewi ulgama birleşdirýän esasy edara bolup durýar.
Tehnologiýalar merkeziniň esasy wezipesi bäsleşige ukyply hem-de ýurdumyzyň ylym we tehnika babatda ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary derejeli ylmy pikirleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan we ylmy barlaglary geçirmekden ybaratdyr.
Tehnologiýalar merkeziniň çözgütleri bir bütewi ulgamy emele getirýän ylmy-barlaglaryň, tejribe-konstruktorçylyk, tejribe-tehnologik, marketing barlaglaryň we utgaşykly alnyp barylýan beýleki işleriň geçirilmeginiň netijesinde taýýarlanylýar. Önümçilige innowasiýalary çalt ornaşdyrmak üçin ylmy-önümçilik bölümleriň döredilmegi hem meýilleşdirilýär.
Tehnologiýalar merkeziniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “2011-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli Maksatnamasynyň”, “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” çäklerinde alnyp barylar.
Tehnologiýalar merkezini ylmy-barlag barlaghanalar, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, taslama-konstruktorçylyk, patent-maglumat bölümleri we beýleki bölümler düzýär.
Merkeziň barlaghanalarynda bio-, nano-, maglumat tehnologiýalar ulgamynda özara baglanyşykly barlaglar toplumy, maddalary fiziki-himiki taýdan düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar, atom derejede derňemek bilen bagly ylmy-barlag işler amala aşyrylýar.
Barlaghanalaryň wezipelerine energiýanyň adaty däl çeşmelerini öwrenmek we energiýa tygşytlaýan tehnologiýalary işläp taýýarlamak, daşky gurşawyň, azyk önümleriniň seljermesini, geografik maglumat ulgamlary boýunça ylmy-barlaglary geçirmek meseleleri hem girýär.
Barlaghana enjamlary dünýä ülňülerine laýyk gelýär, barlag işleri doly kompýuterleşdirilen we olaryň programma üpjünçiligi dürli himiki birleşmeleri, erginleri, gazlary, suwuklyklary, gaty maddalary, himiki elementleri, olaryň fiziki-himiki häsiýetlerini, düzümini awtomatik usulda anyklamaga mümkinçilik berýär.
Tehnologiýalar merkezinde alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalykda, lukmançylykda, derman öndürmekde, ekologiýa meselelerini çözmekde, azyk, himiýa, nebithimiýa senagatlarynda ulanylar. Energiýanyň görnüşleri boýunça ylmy-barlag işler energiýanyň alternatiw çeşmelerini halk hojalygyna ornaşdyrmak, energiýany tygşytly ulanmak boýunça meseleleri çözmäge ýardam berer.
2014-nji ýylyň 1-nji awgustynda Tehnologiýalar merkeziniň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnagyň karary esasynda "Alymlar geňeşi" döredildi.