HABARLAR


Tehnologiýalaryň Transfer Merkezini döretmek
19/11/2021
Generic placeholder image

Tejribede gazanylan üsünlikleriň esasynda 01.01.2022 ý. seneden Tehnologiýalar merkeziniň düzüminde Tehnologiýalaryň transfer merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Transfer merkeziniň uzak möhletleýin ösüşiniň çäginde Wençur gaznasyny döretmek, start-up we biznes-inkubatiorlaryň işlerini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Transfer merkeziniň işi ýurdumyzyň we halkara tehnologiýalaryň transferi ulgamynda hyzmatdaşlygy amala aşyrmak, gelejegi bar bolan ýokary tehnologiýalary öňe sürmek, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň adyny innowasiýa, kommersiýa, marketing, halkara sergi we beýleki işleriň üsti bilen pugtalandyrmak.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Tehnoparklaryň we innowasion ösüş zolaklaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) agzalygyna girmek boýunça işler alnyp barylýar.