HABARLAR


YLMY HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
02/07/2021
Generic placeholder image

2021-nji ýylyň 27-30-njy iýuny aralygynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň Türkmenistana sapary boldy. Saparyň çäklerinde, 29-njy iýunda wekilýet Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine aýlanyp gördi. Bu ýerde myhmanlary Merkeziň ýolbaşçy düzümi garşyladylar we köpugurly ylmy barlaghanalarda işleýän hünärmenler ýerine ýetirilýän ylmy-tehnologik işler bilen tanyşdyrdylar. Hususan-da, Arkadag alym Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Tehnologiýalar merkezinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlarynda Türkmenistanda ozal geçirip bolmaýan, täze ylmy tejribeleriň geçirilýän Nanotehnologiýalar barlaghanasynda nanogatlaklaryň, nanobölejikleriň we nanoturbajyklaryň alnyşy hem-de olaryň elektron mikroskop we beýleki barlaglarynyň geçirilişi görkezildi. Iş sapary bilen gelen wekilýet gözel paýtagtymyza, şol sanda Tehnologiýalar merkezine aýlanyp, özlerinde galan gyzykly täsirler barada aýtdylar we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň wajyp ugurlaryny bellediler. Myhmanlar Tehnologiýalar merkeziniň işine üstünlik arzuw edip bu ýerden ugradylar.