HALKARA YLMY MASLAHATYNYŇ “BIOTEHNOLOGIÝA, MOLEKULÝAR BIOLOGIÝA, OBA HOJALYGY, EKOLOGIÝA WE GENETIKA” ATLY 2-NJI BÖLÜMI TEHNOLOGIÝALAR MERKEZINDE GEÇIRILDI
14/06/2021

2021-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän "Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi" atly halkara ylmy maslahatynyň “Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika” atly 2-nji bölümi geçirildi.
Bölümiň işine ylmy institutlaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ekologiýa, biotehnologiýa Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi, oba hojalygynda alnyp barylýan ylmy-barlag işler boýunça gyzyklanýan beýleki adamlar gatnaşdylar. Bölümde türkmen alymlarynyň, hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde maslahat geçirildi. Şeýle hem, maslahata türkmen alymlary bilen bir hatarda aspirantlar we talyp ýaşlar hem çykyş etdiler. Esasan hem Päkistandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Germaniýadan, Özbegistandan, Türkiýeden we beýleki döwletleriň alymlary bölümiň işine onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Maslahatda daşary ýurtly alymlar bilen bir hatarda 30-dan gowrak türkmen alymlaryň çykyşlary hem diňlenildi. Çykyşlarda Oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, biologiýa, biotehnologiýa, ösümlik, haýwanat dünýäsinde we çölleşmäge garşy göreşmekde alnyp barylýan ylmy-barlaglar barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle maslahatlar alymlaryň arasyndaky aragatnaşygyň has-da berkemegine uly itergi berjekdigi aýratyn bellärliklidir. Ähli çykyşlarda getirilen ylmy we tehnologiki barlaglar gelejekde bu ugurlary ösdürmeklige gönükdirilse maksadalaýyk bolar.
Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen maslahatyň işine onlaýn usuly bilen daşary ýurt alymlary işjeň gatnaşdylar.
Çykyşlaryň diňlenişiniň barşynda her bir gatnaşyjynyň çykyşynyň beýleki dillere terjimesi üpjün edildi. Bu bolsa maslahata gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredip, ylmy çekişmeleriň guralmagyna ýardam etdi. Alymlara alyp barýan temalary barada gymmatly maglumatlary almaga gowy mümkinçilik döredildi.
Halkara maslahatynyň 2-nji bölüminiň işine gatnaşyjylar dünýä ylmynyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa, tebigaty goramak, oba hojalyk, biotehnologiýa ýaly ugurlaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle-de alymlaryň bilelikde ylmy-barlag işleri alyp barmaklaryna döredilýän giň mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtdylar.