HABARLAR


Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasy Attestat şahadatnamasy bilen attestatlaşdyryldy
28/12/2020
Generic placeholder image

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasy metrologiýa ölçeg serişdeleriniň barlagyny ýerine ýetirmek, hususan-da, basyşy, temperaturany we elektrik signallary ölçeýji enjamlarynyň gözegçilikde bolmagyny hem-de takyk işlemegini üpjün etmek boýunça “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan 2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda berlen №10/0005 belgili Attestat şahadatnamasy bilen attestatlaşdyryldy. 

Şoňa laýyklykda, bu barlaghanada döwlet standartlara gabat gelýän işler alnyp barylýar. Häzirki döwrüň ýokary takyklykda işleýän enjamlary bilen üpjün edilen bu barlaghanada ölçeg serişdeleriniň metrologiki barlaglary, ýagny döwürleýin deňeşdirme barlag işleri ýerine ýetirilýär. Metrologiki barlaglar ölçegleriň birligini we takyklygy, ölçeg serişdeleriniň degişli metrologiki derejesinde saklanyp galmagyny hem-de olaryň aýawly saklanyşyny üpjün edýär. Tehnologiýalar merkeziniň Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasynda ýuridiki we fiziki şahslaryň ýüztutmalary boýunça ýokary takyklykda ölçegleri geçirmek bolýar.