“«Akylly şäher» Konsepsiýasy ornaşdyrylan Arkadag şäherinde sanly ulgamyň mümkinçilikleri” atly ylmy-amaly maslahat
26/07/2023
Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Mejlisler zalynda “«Akylly şäher» Konsepsiýasy ornaşdyrylan Arkadag şäherinde sanly ulgamyň mümkinçilikleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatda şäheri sanlylaşdyrmagyň dürli ugurlaryny, şol sanda şäher infrastrukturasyny dolandyrmakda täze tehnologiýalary ulanmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak we daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmek, wideogözegçilik we duýduryş ulgamlaryny ulanmak arkaly şäheriň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Arkadag şäheriniň bilim, saglygy goraýyş, ulag, energiýa ýaly dürli ugurlaryna ornaşdyrylan akylly tehnologiýalary baradaky çykyşlar has täsirli boldy.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher, sanly, maglumat we aragatnaşyk hem-de “ýaşyl” tehnologiýalary birleşdirilen “akylly” şäheriň göreldeli mysalydyr.
Arkadag şäherinde sanly ulgamyň mümkinçilikleri baradaky ylmy-amaly maslahat täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we şäher infrastrukturasynyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi.