HABARLAR


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi IASP-nyň agzalygyna kabul edildi
29/10/2022
Generic placeholder image

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) agzalygyna kabul edilmegi bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini nobatdaky gezek açyp görkezdi. Tehnologiýalar merkezini bu düzüme agzalyga kabul etmek hakyndaky çözgüt ady agzalan assosiasiýanyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilen 39-njy Bütindünýä maslahatynda yglan edild


Ýeri gelende bellesek, Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasy dünýäniň tehnologik we ylmy merkezlerini, milli assosiasiýalaryny birleşdirýän abraýly guramadyr. Ol öz düzümine girýän agzalaryň işiniň hilini hemde netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. IASP ylmy parklaryň hünärmenlerini bir meýdança birleşdirip, ösüşi we netijeliligi ýokarlandyrýan hyzmatlar bilen üpjün edýär, bu bolsa, öz gezeginde, innowasiýalaryň, bilimiň transferiniň, telekeçiligiň, dünýä ykdysady ösüşine möhüm goşant goşýan ylmy parklaryň täsir edýän sebitlerindäki kompaniýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirýär. 1984-nji ýyla döredilen Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň düzümine dünýäniň 78 döwletinden agzalaryň 350-si girýär. IASP-nyň rezidentleri bolup, olar täze tehnologiýalar, biotehnologiýalar, oba hojalyk we täze audiowizual programmalar boýunça önümçilik we ylmy işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan 115 müň sany kompaniýadan ybaratdyr.