HALKARA ZENANLAR GÜNI
08/03/2022

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan mähriban zenanlarmyza döwlet baştutanymyzyň adyndan pul sylaglaryny gowşurmak barada gol çeken buýrugy köp sanly baýramçylyk çäreleriň dabarasyny has-da artdyrdy.
Şu günler eziz Watanmyzda Halkara zenanlar gününe – 8 nji mart baýramyna bagyşlanan dürli çäreler giňden we dabaraly ýagdaýda geçirilýär. TYA-nyň Tehologiýalar merkezinde hem, Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Tehnologiýalar merkeziniň ilkinji Zenanlar guramasy