Öňdebaryjy ylmy usullaryň we innowasiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň dürli tebigy baýlyklarynyň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri sintezlemek we olaryň önümçilik tehnologiýalaryny işläp düzmek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly materiallary döretmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak boýunça barlaglary alyp barýar.
- Şepbeşik nebit ýol bitumynyň analizleri: iňňäniň aralaşma çuňlugy, halka we şar boýunça ýumşama temperaturasy, süýnmeklik, ýalpyldama temperaturasy, gyzandan soňra ýumşama temperaturasynyň üýtgemesi;
- Uniwersal we awtomobilleriň karbýuratorly hereketlendirijileri üçin motor ýaglarynyň analizleri: kinematiki şepbeşiklik, şepbeşiklik indeksi, mehaniki garyndylaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, açyk tigelde kesgitlenýän tutaşmanyň temperaturasy, kolorimetrdäki reňk, dykyzlygy;
- Motor ýaglary dizeller üçin: kinematiki süýgeşikligi, süýgeşiklik indeksi, mehaniki garyndylaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, açyk tigelde kesgitlenýän ýalpyldama temperaturasy, poslaýjylyk mis plastinkasynda, reňki, dykyzlygy;
- Uniwersal motor ýaglarynyň analizleri: kinematiki süýgeşikligi, süýgeşiklik indeksi, mehaniki garyndylaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, açyk tigelde kesgitlenilýän ýalpyldama temperaturasy, mis plastinkasynda poslaýjylygy, reňki, dykyzlygy;
- Kompressor ýaglarynyň analizleri: kinematiki şepbeşiklik, mehaniki garyndylaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, açyk tigelde kesgitlenýän ýalpyldama temperaturasy;
- Industrial ýaglaryň analizleri: kinematiki süýgeşikligi, mehaniki garyndyjyklaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, açyk tigelde kesgitlenýän ýalpyldama temperaturasy, reňki, dykyzlygy;
- Kükürtli nebitlerden KC-19 kompressor ýagynyň analizleri: kinematiki şepbeşiklik, şepbeşiklik indeksi, mehaniki garyndylaryň düzümi, suwuň mukdary, açyk tigelde birden gyzmanyň temperaturasy, kolorimetrdäki reňki, dykyzlygy;
- Selektiw arassalanan motor ýaglarynyň analizleri: kinematiki süýgeşikligi, süýgeşikligiň indeksi, mehaniki garyndylaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, açyk tigelde kesgitlenýän ýalpyldama temperaturasy, mis plastinkasynda poslaýjylygy, reňki, dykyzlygy;
- Prisadkaly nebit turbina ýaglarynyň analizleri: kinematiki şepbeşiklik, süýgeşiklik indeksi, mehaniki garyndylaryň düzümi, suwuň düzümi, açyk tigelde kesgitlenýän ýalpyldama temperaturasy, metallara poslama täsiri, reňki, dykyzlygy;
- Transmission ýaglaryň analizleri: kinematiki süýgeşikligi, süýgeşiklik indeksi, mehaniki garyndylaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, açyk tigelde kesgitlenýän ýalpyldama temperaturasy, mis plastinkasynda poslaýjylygy, reňki, dykyzlygy;
- Selektiw arassalanan transformator ýaglarynyň analizleri: kinematiki şepbeşiklik, içindäki mehaniki garyndylar, kolorimetrdäki reňki;
- Б-3В sintetik motor ýagynyň analizleri: kinematiki süýgeşikligi, mehaniki garyndylaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, açyk tigelde kesgitlenýän ýalpyldama temperaturasy, dykyzlygy;
- Tn-220 turbin ýagynyň analizleri: kinematiki süýgeşikligi, süýgeşikligiň indeksi, mehaniki garyndylaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, açyk tigelde kesgitlenýän ýalpyldama temperaturasy, kolorimetrdäki reňki;
- Nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar üçin nebitiň analizleri: doýgun buglaryň basyşy, mehaniki garyndylaryň agramlaýyn paýy, suwuň agramlaýyn paýy, dykyzlygy;
- Oba hojalyk üçin dökünleri taýýarlamagyň usullaryny işläp düzmek: ýerli çig mallaryň esasynda, önümçilik galyndylarynyň esasynda;
- Çalgy ýaglaryny öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzmek: nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar üçin.