Maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginden Kiber howpsuzlyk babatynda işleri amala aşyrmaga hukuk berýän №1-11-20-83 (05.05.2021ý.) belgili ygtyyarnama alyndy. Ygtyýarnama esasynda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleri:
“Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” we “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan tassyklanan “Elektron resminamalar dolanşygy ulgamynyň tehniki ýumuşynyň” talaplaryna laýyklykda edara-kärhanalaryň elektron resminama dolanyşygy ulgamy işlenip düzüldi we TYA-nyň merkezi edarasynyň, ylmy institutlarynyň we Tehnologiýalar merkeziniň içerki torunda ornaşdyryldy.
Şeýle hem, Barlaghananyň hünärmenleri tarapyndan Tehnologiýalar merkeziniň wirtual muzeýi işlenip düzüldi.
Habarlaşmak üçin: 39-84-64.